logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugynyň meseleleri boýunça pudagara toparynyň duşuşygy geçirildi
  16.04.2022
1080
Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugynyň meseleleri boýunça pudagara toparynyň duşuşygy geçirildi

Şu gün, Türkmenistanyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşygy Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow açdy we adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiligi babatynda Türkmenistan Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan derwaýys çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi.

Mejlisiň barşynda Pudagara toparynyň 2021-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada  hasabat diňlenildi we geljek döwür üçin işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Çärä gatnaşyjylar özara hereketleriň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, şonuň ýaly-da köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ulgamynyň giňeldilmegi boýunça abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri bilen birlikde, bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada jikme-jik maglumatlary berdiler.

Mejlisiň dowamynda, çärä gatnaşyjylar tarapyndan ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň halkara hyzmatdaşlary bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary babatynda hem pikirler alyşyldy.