Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Adam iň gymmatly hazyna
  31.01.2020
652
Adam iň gymmatly hazyna

     Adam bu dünýa inenne hemişe gowluklar barada pikir edýär. Elbettde munuň özi hemme kişiň arzuwy.

      Yöne, muňa durmuş diýýerler. Hemme ýagdaýlar seniň göwün islegiň ýaly bolmaýar. Adamlar käte nogsanlyklara, ýaramaz endiklere-de nähili golaýlaşanyny duýman galýar. Ýaşaýyşda arakhorlyk diýseň zyýanly pişeleriň biri. Aslyndaha ol pederlerimiz tarapyndanam berk ýazgarylypdyr.

     Ahal welaýatynyň çägindäki Tejen derýasynyň boýunda, Sarahs ýolunuň ugrunda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen 120 orunlyk “Dikeldiş” merkeziniň hyzmatyndan bu gün arakhorlukdan ejir çekýän raýatlar öz islegleri boýunça netijeli peýdalanýarlar. Ýaramaz endiklerden daşda durmak, durmuşda gerek bolmajak nogsanlyklardan ara açmak, sagdyn, berk bedenli ruhybelent ýaşaýyşda Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşandyňy goşmak, türkmen jemgyýetiniň her bir ýaşaýjysynyň borjudyr.

         Şonuň üçin hem “Dikeldiş” merkezinde bejergi alýan raýatlarymyz diňe bir lukmançylygyň talaplaryna laýyklykda derman serişdeleri bilen bejerilmän, eýsem sporta, zähmet çekmäge dahyly usullar hem peýdalanylýar. Bu ýerde ýyladyşhanalarda ýylyň bütin dowamynda pomidordyr, hyýar ösdürilip ýetişdirilse, iki gektara golaý meýdanda dürli görnüşlerdäki baglara ideg edilýär. Mundan başga-da bu ýerde bejergi alýan raýatlarymyz öz saglyklaryny dikeltmek bilen bir hatarda, ussahanalarda dürli görnüşlerdäki detalary ýasamak hem-de tikinçilik bölümlerinde egin-eşikleri tikmek bilen meşgullanýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsan mertebesiniň belentligi bilen baglanyşykly aýdýan pähim-paýhasly sözleri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan bu ýerde wagyz nesihat edilýär.