logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Adam ösüşi indeksinde Türkmenistan 97-nji orny eýeledi
  18.03.2024
567
Adam ösüşi indeksinde Türkmenistan 97-nji orny eýeledi

Golaýda, BMG-niň Ösüş maksatnamasyna laýyklykda, 2022-nji ýyl boýunça Adam ösüşi indeksi (HDI) mälim edildi. Indeksde 193 ýurduň içinde Türkmenistan ýokary görkezijiler boýunça 97-nji orny eýeläp, sebit, umuman, Aziýa ýurtlarynyň içinde öňdebaryjy bolmagy başardy.

 

Adam ösüşi indeksi her bir ilatyň ortaça ömrüniň dowamlylygy, bilimi, zähmete ukyplylygy, adam başyna düşýän umumy girdejisi ýaly görkezijiler esasynda hasaplanýar.

 

BMG-niň resmi düzüminiň (BMGÖM) habar bermegine görä, Türkmenistanda ilatyň netijeli zähmet çekmegi, ýurduň saglyk, ylym-bilim ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şunda raýatlaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmagyň baş wezipe hökmünde kesgitlenilmegi, medeni-durmuş şertleriň ýokarlandyrylmagy ýaly wajyp wezipeler yzygiderli amala aşyrylýar.

 

Jennet NURÝAGDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.