logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Adamlar 1 trilliondan gowrak dürli ysy anyklap bilýärler
  19.11.2022
1055
Adamlar 1 trilliondan gowrak dürli ysy anyklap bilýärler

Görüş we eşidiş duýgy agzalarymyz ýokary takyklyk bilen ylmy taýdan subut edilen hem bolsa, ys alşymyz barada entägem doly subut edilmedik nätakyklyklar bar. Adamyň burny ortaça 10 müňden gowrak dürli ysy tanap bilýär diýilýär. Emma sekiz ýyl mundan ozal geçirilen gözlegler bu maglumatyň hakyky däldigini ýüze çykardy.

Rokfeller uniwersitetinde molekulýar newrobiolog ugry boýunça işleýän Leslie Vosshall we onuň topary, adamlaryň 1 trilliondan gowrak dürli ysy anyklap, tanap, kesgitläp we tapawutlandyryp bilýändiklerini aýdýarlar. Alymlar ys alyş funksiýasy boýunça 26 sany adamyň gatnaşmagynda ýörite synag-tejribe işlerini geçiripdirler. Netijede, alymlar adamlaryň 1 trilliondan gowrak dürli ysy anyklap we tanap biljekdiginiň üstüni açypdyrlar.