logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Adamlar bilen oňurgasyz deňiz jandarynyň arasynda genetiki baglanyşyk tapyldy
  09.04.2022
1132
Adamlar bilen oňurgasyz deňiz jandarynyň arasynda genetiki baglanyşyk tapyldy

Adamlar bilen deňiz anemonlarynyň arasynda garaşylmadyk baglanyşyk tapyldy. Adamlarda eşidişiň ösmeginde rol oýnaýan geniň, deňiz anemonlarynda hem birmeňzeş ýagdaýda işleýändigi ýüze çykaryldy.

Adamyň eşidiş ösüşi bilen baglanyşykly gen, täze gözleglere görä deňiz anemonlarynda duýgur ösüş bilen baglanyşyklydyr. "ELife" žurnalynda neşir edilen täze gözlegiň netijesine görä, "Pou-iv" diýlip atlandyrylýan bu geniň, ylmy ady "Nemotostella wektensisi" bolan deňiz anemonynyň ýüzgüçlerinde hem tapylandygy we haýwanyň degmek duýgusynda möhüm rol oýnaýandygy ýüze çykaryldy. Bu geniň anemonlardaky duýuş organlaryna gadymyýetde ösmegine uly itergi berendigini görkezýär.

Adamlaryň we beýleki oňurgaly haýwanlaryň eşidiş ulgamynyň duýgur reseptorlary mehaniki gyjyndyrmalary, titremeleri kabul etmek üçin jogapkärdir. Edil şuňa meňzeş ýagdaý deňiz anemonlarynyň eşidiş ulgamynda hem gabat gelindi. Häzirki wagtda anemonlardaky bu duýgur reseptorlaryň näme sebäpden adamyňka meňzeşliginiň üstüni açmak üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Bu ylmy açyş, Arkanzas uniwersitetiniň alym biologlary tarapyndan ýüze çykaryldy. Uniwersitetiň alym biologlary, eger bu açyş doly ýagdaýda subut edilip bilinse, onda lukmançylyk pudagynda uly öňegidişlik bolar diýip çaklaýarlar.

Arzuw MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.