logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Adamölen (Şiraz şäheri)
  28.08.2021
671
Adamölen (Şiraz şäheri)

     Sarahs şäheriniň gülläp ösen döwründe (ХI-ХII a.) onuň töwereginde köp sanly iri obalar bolupdyr. Orta asyr ýazyjysy As – Samany (1113- 1167ý.) „Atlaryň genelogik kitaby“ diýen işinde ol obalar barada gymmatly taryhy maglumatlary ýazyp galdyrypdyr. Alymlar tarapyndan Adamölen diýen ýerde Ýakutyň ýatlap geçen Şiraz obasynyň ýerleşendigi  anyklanyldy. Ýakut şeýle ýazýar: „Şiraz Sarahsyň şähere meňzeş obalarynyň biridir. Olaryň aralygynda düýeli iki günlük ýol ýatyr. Ol Gerat ýolunyň ugrunda ýerleşendir. Onda gyzgalaňly bazar, köp sanly ilat ýaşapdyr. Ýerli ilat suwy guýylardan alypdyr“. 1993-nji ýylda ol ýerde deslapky barlag işleri T.Hojanýazowyň ýolbaşçylygynda geçirildi we ýerüsti tapyndylar ýygnaldy.

     Adamölen (Şiraz) şäheri Sarahsdan 70 km. günortada ýerleşýär. Şäheriň goranyş diwarlary bolmandyr, ol uly möçberdäki biri-birinden aýratyn oturan iri jemagatçylyk desgalardan ybaratdyr. Şäheriň umumy tutýan meýdany 602,2 ga deňdir. Ol ýerde kerwensaraýyň dörtburçly berkitmesi (40х60 m), howuz, metjit (3,20х 3,40 m), guýular we birnäçe öýjükli depeler bolupdyr. Ýadygärligiň günorta bölegi beýikligi 3,5-4m. belentlik bolup, meýdany 4 ga ýakyn. Guýudan demirgazykda ösen orta asyr obasy ýerleşen. Şiraz şäheri Sarahs-Hyrat söwda ýolunyň möhüm duralgalarynyň biri bolupdyr.

     Ýadygärlikden tapylan tapyndylar biziň eýýamymyzdan öň I-nji müň ýyllygyň I-nji ýarymyna Х–ХII asyr döwürlerine degişli.