logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Adamyň DNK-syna meňzeş haýwanlar
  05.06.2023
1594
Adamyň DNK-syna meňzeş haýwanlar

Ynsan genleri henizem ylmyň iň täsin syrlaryndan biri bolmagynda galýar. DNK-larymyzy entek doly öwrenmedik bolsak-da, käbir janly-jandarlara näderejede meňzeýändigini bilýäris. Hemmämiziň umumy genlerimizi göterýändigimize garamazdan, ownuk tapawutlar bizi biri-birimizden aýyrýar. 

Bedenimizde 3 milliard genetiki gurluş bloklar bar. Bu 3 milliard esasy jübütden diňe az mukdary bize mahsus bolup, genetiki taýdan takmynan 99,9 göterimi başga adamyňka meňzeýär. Başgaça aýdylanda, bizi başga bir adamdan tapawutlandyrýan diňe 0,01 göterim DNK bolup durýar.

Ýakynda geçirilen täze gözlegde genetiki koduňyzyň çap edilen görnüşiniň takmynan 262,000 sahypa ýa-da 175 sany uly kitap boljakdygyny mälim edildi. Eger şeýle bolsa bu sahypalaryň diňe 500 töweregi bize mahsus bolardy. Sebäbi genomymyzyň köp bölegi käbir haýwanlaryňka meňzeş wezipeleri ýerine ýetirýär. Eýsem, biz genetiki taýdan haýsy haýwanlara meňzeýäris? 

- «Science» žurnalynyň 2009-njy ýyldaky hasabatyna görä, sygyr genleriniň 80 göterimi adamlaryňka meňzeş;

- 2007-nji ýylda geçirilen gözlegde, öý pişigindäki genleriň takmynan 90 göteriminiň adamlara meňzeýändigi anyklanyldy;

- Ýelekli bedenleri bilen adamyň bedeninden düýpgöter tapawutly bolsa-da, towuk genleriniň takmynan 60 göterimi adam genlerine meňzeýär;

- Belok kodlaýjy genler barada aýdylanda, syçanlar adamlara 85 göterim meňzeýär;

- 2005-nji ýylda geçirilen gözlegde, iň ýakyn ýaşaýan ewolýusiýa garyndaşlarymyz bolan şimpanzeleriň genetiki taýdan 96 göterim adamlara meňzeýändigi anyklanyldy.

- Mör-möjekleriň DNK-syna gezek gelende, olaryň adama meňzeşligi birneme az. Ýagny olar genleriň 61 göterimini öz içine alýar;

- Şeýle hem bananlar, adamlar bilen deň DNK-nyň takmynan 60 göterimini paýlaşýar! 

 

Aýzada HOJAGULYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.