logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Adamyň gözi barada gyzykly faktlar
  28.04.2023
3618
Adamyň gözi barada gyzykly faktlar

- Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;

- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;

- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri  goňur bolupdyr;

- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr  bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;

- Adam  ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şekil görýär;

- Täze doglan çaga 6-8 hepdelik bolýança onuň gözi gözýaş bölüp  çykarmaýar;

- Adamyň gözi diňe 3 sany reňki, ýagny  gyzyl, ýaşyl we gök reňkleri saýgaryp bilýär. Galan reňkler bolsa şu reňkleriň birleşmesidir;

- Bir gije-gündiziň dowamynda adam göz gyrpmak üçin 55 minut sarp edýär, ýagny adam 1 minutda 6-dan  17 gezege çenli gözüni gyrpýar. ( Aýallar erkeklere görä iki esse köp göz gyrpýar);

- Bir gezek göz gyrpmak üçin ortaça 0.05 sekunt  gerek bolýar;

- Tehnologiýanyň ösmegi we sanly ulgamyň rewolýusiýasy adamlaryň durmuşynda  kompýuter we şuňa meňzeş enjamlaryň üsti bilen giňden orun eýeledi, emma biziň görejimize zeper ýetirýän monitorlar däl-de , ekran bilen dowamly kontakt arkaly gözümize ýetýän ýadawlykdyr;

- Ýer ýüzünde diňe 1% adamlaryň çep we sag  gözleriniň reňkleri dürli-dürlüdir. Muňa geterohromiýa diýilýär;

- Gözýaşlarymyzyň himiki düzümi näme sebäpden aglaýanlygymyza baglydyr;

- Häzirki wagtda medisinanyň ösmegi bilen adamyň köp organlaryny bir adamdan beýleki adama  göçürip ( transplantasiýa ) bolýar. Emma häzirki wagta çenli göz transplantasiýasy  mümkin däldir;

- Gyzyl reňkli göz diňe albinoslarda duş gelýändir , sebäbi olaryň organizminde melanin ýokdur;

- Goňur reňk iň köp duş gelýän göz reňkidir, ýaşyl reňkli göz bolsa iň az duş gelýändir;

- Garaňkyda görmek üçin niýetlenen enjamlar ähli zady ýaşyl reňkde görkezýän edilip bejerilmeginiň iki sany sebäbi bar:

1. Bu reňkli gammada detallary görmek aňsat.
2. Ýaşyl reňk adamyň gözüni kemräk ýadadýar. 

 

Dilraba KADYROWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine 
ýöriteleşdirlen 27-nji orta 
mekdebiniň mugallymy.