logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Ady äleme dolan beýik Pyragy
  27.04.2023
790
Ady äleme dolan beýik Pyragy

Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen adamzadyň ruhy genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldardyr. Beýik şahyryň geljek ýylyň maý aýynda geçiriljek şanly 300 ýyllyk toýuna uly taýýarlyklar görülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe erkana durmuşyň hözirini görýän halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhasa baý döredijiligini giňişleýin, içgin öwrenmäge uly yhlas siňdirýär.

Türkmenleriň gadymy taryhyndan bize dürli edebiýat çeşmeleri miras galdy, olar bize geçmişdäki ykdysady gatnaşyklary aýdyň ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu babatda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy üns bererlikdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ykdysady düşünjeleri, jemgyýetçilik durmuşyny, onuň içki göreşini, garşylyklaryny, gatnaşyklaryny, baý ruhy medeniýetini häsiýetlendirýän dürli maglumatlar bar.

Magtymguly Pyragynyň ykdysady-jemgyýetçilik garaýyşlary öz ýaşan döwrüniň tertip-düzgüni, medeni derejesi bilen şertlenýär. Onuň şygryýetinde merkezleşen döwletiň heniz kemala gelmedik, emma aýry-aýry hanlaryň, begleriň jemagaty dolandyrýan döwrüniň alamatlary görünýär we ýaşaýyşdaky harsydünýä bolup hereket edýänleri oýlandyrmak, olaryň baýlyk, mal ugrundaky açgözlügini jemgyýetçilik bähbitli tarapa öwürmek isleýär. Şol döwürdäki ykdysady düşünjeleriň (pul, altyn, kümüş we ş.m.) atlarynyň getirilmegi şahyryň jemgyýetde bolup geçýän hadysalara dogry baha bermegi başarandygyna güwä geçýär we munuň özi onuň bize galdyran mirasydyr. Ol taryhy ähmiýete eýedir. Türkmeniň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täji hasaplanylýan Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmezdir. 

 

Arzygül HALABOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.