logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Adyň dillermizde dessan, Aşgabat!
  12.05.2023
1028
Adyň dillermizde dessan, Aşgabat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ählitaraplaýyn uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýaşamak üçin döwrebap amatly şertler döredilýär. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemläp, barha gülläp ösýän ak mermerli paýtagtymyz bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde dünýäde giňden tanalýar.

 

Häzirki zaman şertlerinde sazlaşykly ösüş döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt — ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Çünki paýtagt — döwletiň dolandyryş-syýasy merkezi bolup durýar. Paýtagtyň çägi we şäherýaka zolagy bolsa, ýurduň esasy durmuş-ykdysady merkezi bolup durýar. Sebitde iri işewür we medeni merkez hökmünde ornuny pugtalandyrýan Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Gaýtalanmaýan ajaýyp bezegleri bilen köpleri haýran galdyrýan ak mermerli paýtagtymyz özboluşly gözelligi bilen göreni haýran galdyrýar. Aşgabat şäherinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary depginde alnyp barylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi ak mermere beslenen şäheriň şanyny dünýä ýaýýar.

 

Aş­ga­ba­dyň ösü­şi­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe­li­gin­de­dir. Şä­her dü­zü­mi­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, bi­na­gär­lik öz­bo­luş­ly­ly­gy bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. On­da şä­her ila­ty üçin äh­li amat­lyk­lar dö­re­dil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz­da tä­ze ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry eme­le gel­di. Paý­tag­ty­myz­da­ky bir­nä­çe bi­na­lar hal­ka­ra de­re­je­sin­de ab­raý­ly baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy. Ola­ryň en­çe­me­si Gin­ne­siň bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Aş­ga­ba­t ak mer­mer­li bi­na­la­ryň iň köp jem­le­nen şä­he­ri hök­mün­de bu ki­tap­da my­na­syp orun al­dy. Mu­nuň özi türk­men paý­tag­ty­nyň ösü­şin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň we Aş­ga­ba­dyň dün­ýä­niň owa­dan şä­her­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Aş­ga­ba­dyň şä­her­gur­lu­şyk taý­dan ösü­şi bir ta­rap­dan, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

 

Umyt AŞYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.