Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Adyň köňüllerde gazal, Pyragy!
  17.03.2024
507
Adyň köňüllerde gazal, Pyragy!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda baky orun tutdy. Onuň ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, agzybirligi ündeýän eserleri döwürleriň mukamy bolup,  asyrlar geçse-de, öz ähmiýetini ýitirenok, nesilden-nesle geçip, baky ýaşaýar. Munuň özi ajaýyp goşgularyň köňüllerde ýer edendiginiň aýdyň alamatydyr. Bu gün şamçyrag deý ýalkym saçýan şygyrlar merdana halkymyzyň ýüreginde aýdym bolup ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana Pyraga hormat-sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň baý edebi mirasy dünýä halklarynyň dillerinde söýlüp okalýar.

 

Şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynyň gymmatly taraplarynyň biri-de, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti hiç bir ýaşda-da täsirliligini ýitirenok. Gaýtam ynsanyň ýaşy goýaldygyça ol setirleriň täsirliligi artýar. Şol täsir bilenem halkymyz Magtymgulynyň kitabyny çagalykda eline alansoň, tä ömrüniň ahyryna çenli ony özüne hemra edinýär. Şonuň üçinem biz Magtymguly atamyzyň şygryýetini türkmeniň nesil terbiýesiniň müdimi gollanmalary hökmünde häsiýetlendirýäris.

 

Üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu taryhy senäniň halkara derejesinde belleniljekdigi şygyryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä dolmagynda taryhy waka boljakdygy guwandyrýar.

 

Goý, beýik şahyra hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt ähmiýetli tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Ogulgeldi BAÝEKOWA,

Türkmenabat şäheriniň 33-nji orta 
mekdebiniň kitaphanaçysy.