logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Afrika gidnory
  13.09.2023
746
Afrika gidnory

Afrikan gidnory (Hydnora) - hakykatdan hem geň görnüşe ýe bolan bezeg ösümligi.Ýer togalagynda  seýrek duş gelýän ösümlik toparynyň wekillerinden biridir. Afrika ýerleriniň sawannalaranynda  gidnory tapmak gaty kyndyr. Afrika gidnoryna ilkinji gezek seredeniňde onuň ösümlikdigine göz ýetirmek kyndyr. Daşyndan seredeniňde kömelege meňzeş şekili emele getirýär. Aslynda gidnora kök parazitler jynsyna degişlidir. Botanikler uzak wagtlap bu üýtgeşik jandaryň haýsy wekile degişlidigini anyklap bilmediler. Molekulalar derejesinde geçirilen soňky gözlegler netijesinde  Hydronoseae maşgalasyndaky ösümlikleriň ösümlik dünýäsiniň angiosperm wekili bolandygyny görkezdi.

 

Afrika gidnory birnäçe böleklere bölnen görnüşinde ösýär. Başda  bir baldak ýaly görünýär ,soňra wagtyň geçmegi bilen gül üç bölege bölünýär. Olaryň her böleginiň ululygy 15 santimetre çenli ösýär. Olaryň daşky reňki gyzlymtyl goňur reňkde bolýar. Gülüň eti açyk gyzyl reňkde, kä halatlarda mämişi reňkde bolýar. Onuň eti şireli hasaplanýar. Onuň daşynda birnäçe deşijekleri bolýar. Beýleki güller ýaly afrika gidnorasynda pürsleri bolmaýar. Gül aýratyn bir boşlygy öz içine alýar.

 

Afrika gidnory az tanalýan ýyrtyjy hasaplanýar. Gülleýän mahaly ösümlik çüýrük etiň ysyna meňzeýän güýçli ys çykaryp başlaýar. Bu aýratynlyk sebäpli gidnora köp sanly mör -möjekleriň ünsüni özüne çekýär. Bu waka ýüze çykanda gülüň ortasyndaky boşluk mör-möjekler üçin duzaga öwrülýär. Gülüň iň köp pidalary esasan tomzaklardyr. Belli bir ys bilen özine çekýän mör-möjekler ösümligiň ýesiri bolýarlar we boşlukdan gaçyp bilmeýärler. Gidnora tomzaklary birnäçe wagtlap boşlukda saklaýar.

 

Beýleki ýyrtyjylardan tapawutlylykda gidnora pidalaryny siňdirmeýär. Mör möjekler boşlukda wagty olar polen toplaýarlar we ol polen beýleki gidnorlara   geçýär. Polen gidnorlaryň köpelişi üçin zerurdyr. Olar şeýdip köpelişi amala aşyrýarlar.

Aýnur ÝAGMYROWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.