logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Afrikanyň iň beýik dagyna internet birikdirildi
  16.12.2022
1785
Afrikanyň iň beýik dagyna internet birikdirildi

Afrikanyň iň beýik dagy bolan Tanzaniýadaky Kilimanjaro-nyň iň beýik nokadynda internet hyzmatynyň hödürlenip başlanandygy habar berildi. Bu baradaky habary Tanzaniýanyň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ministrligi mälim etdi.

Indi, Kilimanjaro dagynyň 5895 metr belentliginde hem internetden peýdalanyp bolýar. Mundan ozal, şu ýylyň awgust aýynda ilkinji gezek Kilimanjaro dagynyň deňiz derejesinden 3720 metr belentliginde internet hyzmaty berlipdi.

Her ýyl müňlerçe syýahatçynyň dyrmaşyp çykýan, dünýäniň iň beýik daglaryndan biri bolan Kilimanjaro-nyň depesi deňiz derejesinden takmynan 5895 metr beýiklikde ýerleşýär.

Dagyň iň beýik nokadyna internet birikdirilmegi daga çykýan alpinistleriň daga dyrmaşýan wagty bolup geçýän wakalary öz wagtynda jemgyýetçilik torlarynda şöhlelendirmegi üçin giň mümkinçilik bolup durýar. Mundan ozal, Kilimanjaro dagynda islendik mobil aragatnaşyk 1860 metrden soň işlemegini bes edýärdi.

Internet tory haýsydyr bir adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda kömek soramak üçin SOS signalynyň öz wagtynda berilmegine şert döreder.

Tanzaniýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Kilimanjaro dagy alpinistler üçin iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biridir. Kilimanjaro-da esasy üç sany sönen wulkanik «tüsseçykar» bar. Her ýyl bu daga 50 müňden gowrak adam gelýär. Olaryň ýarysy dagyň Uhuru gerşine çykýarlar. 

 

Jennet ABRAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz 
uniwersitetiniň talyby.