logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /“Agaç gap – altyn gap”
  30.05.2022
1577
“Agaç gap – altyn gap”

   Agaç ussaçylygy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ýaşan gadymy adamlaryň durmuşynda agaç gaplar ulanylypdyr. Munuň şeýledigine gadymdan galan esbaplar şaýatlyk edýär. Türkmen topragynda ösýän agaçlar hojalykda giňden peýdalanylýar. Agaçdan gap-gaçlar, eýer, hatap, zähmet gurallarynyň saplary, dokma gurallary ýasalypdyr. Türkmenleriň esasy ýaşaýyş jaýy bolan ak öýüň özeni agaçdan ýasalypdyr. Tal agajynyň üç ýylyň dowamynda göni ösen şahalary ak öýüň uguny we tärimini ýasamak üçin amatly hasaplanylýar. Agaç ussahanalary gaplaryň dürli görnüşlerini ýasapdyrlar. Olaryň iň kiçi okara hasaplanyp, gaplaryň göwrümine görä, atlary üýgedilip, okara, çanak, kersen, batman, pälwan tabak diýlip atlandyrylýar.
    Agaç gap-çanaklar, çemçeler, susaklaryň dürli görnüşleri, esasan, tut, erik ýa-da dagdan ýaly berk agaçlardan ýasalypdyr. Agaç ussalary tal agajynyň ýörite ekilýän görnüşinden hem giňden peýdalanypdyrlar. Sebäbi, tut, erik agajy bilen deňeşdirilende, tal agajynyň agramy ýeňil, çeýe hem-de işlemek üçin amatly hasaplanylýar. Agaç tabaklar tut, söwüt, toraňňy, tal, hoz, erik, armyt, şetdaly, çynar ýaly dargtlardan ýasalypdyr. Bu ýerde esasy zat, olaryň adam saglygyna zyýansyzlygy göz öňünde tutulypdyr.
Biziň altyn hazyna hasaplanylýan baý medeni mirasymyz bar. Şol uly altyn hazynany öwrenmek, ösdürmek, ýaş nesile ýetirmek, dünýä ýaýratmak, wagyz etmek, gorap saklamak bolsa hemmämiziň borjumyzdyr.