logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Agalaň oba medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi
  28.02.2023
736
Agalaň oba medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň Agalaň oba medeniýet öýünde 8-nji mart «Halkara zenanlar güni» mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.  Bu maslahata kümüş saçly mährem enelerimiz, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar guramaň işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler, berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan  Watanymyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýändigi, «Halkara zenanlar güni» mähriban enelerimiziň, gülden näzik gelin – gyzlarymyzyň hormatyna Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigi, Türkmen zenanlarynyň nepis halylary dokamak, keçe basmak, milli nagyşlary döretmek sungatyny kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetirendikleri, biziň zenanlarymyzyň dokan türkmen el halysy hem-de nepis nagyşly kürtesi, dakynýan şaý–sepleri bilen dünýä bellidigi, türkmen zenanynyň edep-ekramy, gözelligi, milli egin-eşikleri, asyllylygy ýol-ýörelgeleri bilen tanalýandygy, türkmen zenanynyň on barmagynyň hünäri bolan halyçylyk we keşdeçilik sungatlarynyň ylmy esasda öwrenilmäge mynasypdygy, türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowy gylyk-häsiýetleri, başarnyklary, eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy aladasy barada Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde bellemegi, türkmen zenanlarynyň täze-taryhy eýýamy dörediji, tutanýerli zähmetkeşler,  milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmekde uly orun tutýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda türkmen zenanlarymyza belent sarpa goýýan,  däp-dessurlarymyzy, milliligimizi gaýtaryp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Bägül GURBANOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.