logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /“Agro Pack Turkmenistan — 2026” halkara sergisi öz işine başlady
  12.05.2026
192
“Agro Pack Turkmenistan — 2026” halkara sergisi öz işine başlady

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergi öz işine başlady.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň açylmagy mynasybetli gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, bu çäräniň oba hojalygy, azyk senagaty hem-de gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalar, täze tehnologiýalar we innowasion çözgütler bilen tanyşmak, şeýle-de tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

 

Döwlet Baştutany öz gutlagynda bu halkara serginiň dünýä ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

 

“Agro Pack Turkmenistan — 2026” sergisi oba hojalygy we azyk senagaty boýunça gazanylan häzirki zaman üstünliklerini, innowasion tehnologiýalary hem-de netijeli çözgütleri bir meýdançada jemleýär.

 

Çäräniň dowamynda ýerli we daşary ýurt kompaniýalary azyk önümçiligi, gaplama tehnologiýalary, logistika we beýleki ugurlar boýunça öz önümlerini, enjamlaryny hem-de hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar.

 

Sebitde bu ugurdaky iň iri halkara platformalaryň biri hökmünde çykyş edýän serginiň oba hojalygy we azyk senagatynyň ösüşine, öndürijilik derejesiniň ýokarlanmagyna hem-de eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine uly goşant goşmagyna garaşylýar.

 

Şeýle hem bu çäre täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň ösdürilmegine ýardam eder.

 

“Agro Pack Turkmenistan — 2026” halkara sergisi 14-nji maýa çenli dowam eder.