logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /"Agro-Pak Türkmenistan-2023" öz işine başlady
  28.11.2023
756
"Agro-Pak Türkmenistan-2023" öz işine başlady

28-30-njy noýabrda Aşgabatda «Agro Pak Türkmenistan – 2023» ady bilen azyk  gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady. 

 

 

Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar.Sergä döwlet eksponentlerinden başga-da, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Moldowadan, Özbegistandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan degişli kompaniýalar we kärhanalar gatnaşar. Şeýle-de Niderlandlaryň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary gurnalar.

 

 

Sergide azyk önümleriniň, gaplama önümleriniň önümçiligi üçin enjamlar, azyk senagat tehnologiýalary, däne saklaýyş we üweýiş ulgamlary, bagbançylyk we tokaý ösdüriş, guşçulyk we maldarçylyk, suwaryş pudagynda öňdebaryjy çözgütler, şeýle-de oba hojalyk önümleri, tohumlar, dökünler we ş.m. görkeziler.

 

 

«Halkara sergisine daşary ýurtly kompaniýalar bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçileriň we kompaniýalaryň gatnaşmaga gyzyklanma bildirmegi eýýämden çäräniň netijeli boljakdygyny görkezýär» diýip, «Sofuar» kompaniýasynyň wekili Ismail Enwerogly belleýär. Bu görnüşdäki sergiler ozal Özbegistanda we Yrakda geçirildi. Şeýlelik-de  Türkmenistan watanymyzda ilkinji gezek geçirilýär.

 

Selbi GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.