Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar
  28.02.2023
1112
Agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalar bilen dabaralanýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynyň esasy wezipesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, taýýar önümler bilen dünýä bazarlaryna çykmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga öz mynasyp goşandyny goşmakdan ybaratdyr. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýokary netijelere ýol açýar. Agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyryp, oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak baradaky işler bu gün özüniň ajaýyp miwesini berýär. Şonuň üçin bu innowasion tehnologiýalaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, eksportuň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak baradaky syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzyň oba senagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen wajyp wezipeleri yzygider kesgitlenilýär. Şol wezipeler bolsa pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryşyň tygşytly usullaryny önümçilige ornaşdyrmak ýaly işleri talap edýär. Ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň döwlet satyn alyş nyrhlary hem ýokarlandyrylýar. Şeýle-de döwletimizde gurulýan, ýylyň ähli döwründe ilaty gök önümler bilen üpjün etmeklige itergi berýän döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň sany hem ýylsaýyn artýar.

Oba hojalyk ulgamynyň möhüm bölegi bolan maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin hem zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda oba zähmetkeşlerine, edermen daýhanlara döwlet tarapyndan zerur bolan ýeňillikleriň mümkinçilikleriň döredilýändigini häzirki döwrümiziň mysalynda görmek bolýar. Bularyň hemmesi oba hojalygyny köptaraplaýyn ösdürmegiň ýörite kabul edilen kanunlarynyň, maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýänliginden gelip çykýar. Innowasiýalaryň ösen döwründe oba hojalyk önümçiligine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem degişli çäreler görülýär. Bu bolsa pudakda alnyp barylýan işleri sanlylaşdyrmaga, dünýä derejesi bilen aýakdaş gitmeklige itergi berýär. 

 

Jennet SAPARMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.