logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Agyz-burun örtügini dakmak düzgüni täzeden gaýdyp geldi!
  25.11.2022
1049
Agyz-burun örtügini dakmak düzgüni täzeden gaýdyp geldi!

Braziliýada «Covid-19» bilen baglanyşykly wakalaryň köpelmegi sebäpli keseliň ýaýramak howpunyň öňüni almak maksady bilen howa menzillerinde we uçarlarda agyz-burun örtügini dakmak düzgüni 25-nji noýabrdan başlap Braziliýanyň Saglyk Gözegçilik Guramasy tarapyndan täzeden güýje girizildi.

Braziliýada geçirilen hünärmenleriň ýygnagynda epidemiologiki çäklendirmeleri gaýtadan durmuşa geçirilmelidigi barada aýdylyp, esasanam jemgyýetçilik ulaglarynda, howa menzillerinde we ýapyk binalarda agyz-burun örtügini ulanmalydygy baradaky beýan hem goşuldy.

Ýurduň hökümeti wakalaryň köpelmegini ýurda gelýän syýahatçylar bilen baglydygyny öňe sürýär. Şol sebäpli hem syýahatçylaryň sanynyň köpelmegi bilen wirus bilen baglanyşykly wakalaryň hem artyp biljekdigi mälim edilýär.