logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň edara binasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  16.01.2023
1184
Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň edara binasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň edara binasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga agzalan elektrik stansiýanyň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Jeýhun Sapargulyýew, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Söhbet Çakanow, welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgäri Gurbanmämmet Silgeldiýew dagynyň çykyşlarynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de ýurdumyzda badalga alan demokratik özgertmeleriň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi.

Duşuşykda çykyş edenler ýaşlara watansöýüjilik, päk zähmet, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen bagly öwüt-ündewlerini aýtdylar hem-de eşretli durmuşy peşgeş beren döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.