logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal welaýat kitaphanasynda “Saglyk — abatlyk” ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi
  07.04.2022
976
Ahal welaýat kitaphanasynda “Saglyk — abatlyk” ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi

Ahal welaýat kitaphanasynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan “Saglyk — abatlyk” ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Duşuşyga okyjy ýaşlar gatnaşdy.

Kitaphanada baýramçylyga bagyşlanan ýörite kitap sergisi gurnaldy. Duşuşygyň çäginde guralan sergini ýaşlar uly gyzyklanma bilen synladylar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýşa, sagdynlyga degişli ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti dogrusynda gyzykly gürrüň edildi. Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Çaý— melhem hem ylham”, “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur”, «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaplarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Agzalan kitaplar esasyndaky çykyşlar ýaşlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.