logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ahal welaýat kitaphanasynyň okyjy sany artýar
  08.09.2024
655
Ahal welaýat kitaphanasynyň okyjy sany artýar

2024-nji ýylyň geçen sekiz aýynda Ahal welaýat kitaphanasyna täze agza bolan okyjylaryň sany 650-ä ýetdi. Häzirki wagtda kitaphananyň jemi okyjylarynyň sany 21 müň 600-den geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artykmaçdyr. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.


Kitap gaznasynyň baýlaşmagy

 Ýanwar — awgust aýlarynda welaýat kitaphanasynyň kitap gaznasy hem ep-esli baýlaşdy.
 52 müň 400-e golaý kitap kitaphana gelip gowuşdy.
 Kitaphananyň okyjylary tarapyndan 50 müňden gowrak kitap okalmaga alyndy.


 Okalan kitaplaryň sanawy:
✔ Syýasy neşirler: 12 müň 900-den gowrak
✔ Çeper edebiýat: 16 müň 800-den gowrak
✔ Çagalar edebiýaty: 8 müň 700-den gowrak
✔ Beýleki neşirler: 11 müňden gowrak


 Türkmenistanyň Prezidentiniň "Ýaşlar — Watanyň daýanjy" we "Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet" atly kitaplary hem welaýat kitaphanasyna gelip gowuşdy.


Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artmagy, halkyň kitaba bolan höwesiniň we bilim derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.