logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271 sany uçurym umumybilim edaralaryny tamamlaýar!
  25.05.2023
1162
Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271 sany uçurym umumybilim edaralaryny tamamlaýar!

Mälim bolşy ýaly şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Mekdep durmuşy bilen hoşlaşyp, durmuş mekdebine gadam basýan okuwçylaryň, uçurym ýaşlaryň hakydalarynda ebedilik möhürlenjek baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyz boýunça ýokary ruhubelentlige beslenýär.

Şu ýyl paýtagtymyz boýunça 2022-2023-nji okuw ýylynda 9 müň 876 sany uçurym umumybilim edaralaryny tamamlaýar. Ýaşlaryň Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271-si, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 132-si, Daşoguz welaýaty boýunça 17 müň 342-si, Lebap welaýaty boýunça 19 müň 295-si, Mary welaýaty boýunça 17 müň 966-sy orta mekdepleriň uçurymlary bolar.