logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal welaýaty boýunça saýlawçylaryň 454 müň 507-si hasaba alyndy
  12.03.2022
915
Ahal welaýaty boýunça saýlawçylaryň 454 müň 507-si hasaba alyndy

Ahal welaýatynyň çäginde saýlaw uçastoklaryň 364-si döredilip, olar degişli hukuk namalary, gollanmalar, enjamlar we beýleki zerur serişdeler bilen doly derejede üpjün edildi. Dalaşgärleriň maksatnamalary, terjimehallary saýlaw uçastoklarynyň iň görnükli ýerinde goýuldy, saýlawçylaryň 454 müň 507-si hasaba alyndy, şeýle-de ýaş saýlawçylar bilen düşündiriş işleri geçirildi.

Änew şäherindäki medeniýet öýünde ýerleşýän 59-njy saýlaw uçastogynda hem ilkinji gezek saýlawlara gatnaşyp, öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanýan ýaş saýlawçylara welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ahal welaýaty boýunça milli synçylaryň 389-si gözegçiligi amala aşyrýar. Şolaryň 80-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 45-si Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 50-si Agrar partiýasy, 75-si Kärdeşler arkalaşyklary, 45-si Zenanlar birleşigi, 75-si Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 16-sy  raýatlaryň teklipçi toparlary we 3-si dalaşgärler tarapyndan hödürlenen milli synçylardyr.