logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal welaýaty ilat ýazuwyna ýokary derejede taýýarlykly barýar
  09.11.2022
998
Ahal welaýaty ilat ýazuwyna ýokary derejede taýýarlykly barýar

Şu ýylyň 17 — 27-nji dekabrynda «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek!» şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna Ahal welaýatynda hem ýokary derejede taýýarlykly barylýar. Ilatyň demografik düzümi hem-de raýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almak maksady bilen geçiriljek bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde häzirki wagtda welaýat häkimligi, welaýat Statistika müdirligi we beýleki degişli guramalar tarapyndan alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlygyň çäginde uçdantutma ýazuwyny geçirmäge gatnaşjak sanaýjylaryň düzümi tassyklandy. Şonuň bilen baglylykda, welaýat boýunça sanaýjylaryň 1524-si bu çäräniň degişli talaplara laýyklykda geçmegini üpjün eder. Häzirki wagtda olar bilen ýörite okuwlar guralýar. Ilatly ýerlerde — obadyr şäherçelerde, şäherlerde raýatlaryň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär. Munuň özi öňde duran möhüm çärä ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmagyna itergi berer.