logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Ahal welaýaty şu ýyl 400 müň tonna bugdaý öndürmegi maksat edinýär
  11.02.2023
1426
Ahal welaýaty şu ýyl 400 müň tonna bugdaý öndürmegi maksat edinýär

10-njy fewralda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Mejlisiň barşynda, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Berlen tabşyryklara laýyklykda, sebitde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi. 2023-nji ýylyň hasyly üçin jemi 195 müň gektar meýdanda bugdaý ekilip, ondan şu ýylda jemi 400 müň tonna bugdaý öndürmek, şeýle hem 135 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, 280 müň tonna pagta öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hem hasabat berildi. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine girişmäge taýýarlyk görülýär.