logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Ahal welaýatynda «Merdana nesil — 2022» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlendi
  02.12.2022
1691
Ahal welaýatynda «Merdana nesil — 2022» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlendi

Golaýda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synp okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2022» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlendi. Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň şäherdir etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar gatnaşyp, özleriniň başarnygyny görkezdiler.

Bagtyýar, ruhubelent nesiller özleriniň halkymyza mahsus merdanalyk häsiýetlerini, pederlerimiziň gahrymançylykly, synmaz ruhuna belent sarpany, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Täze taryhy döwrümizde gazanylýan ajaýyp ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy joşgunly aýdym-sazlarynda wasp edip, çaga durmuşyna mahsus degişme sahnalary ýerine ýetirdiler, şorta sözleri aýdyp berdiler.

Bäsleşikde Tejen şäherindäki 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Babamyrat Innedow birinji, Gökdepe etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Kemal Amangeldiýew ikinji orunlary eýeläp, döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.