logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ahal welaýatynda wagyz-nesihat duşuşyklary we maslahatlar geçirilýär
  25.01.2023
823
Ahal welaýatynda wagyz-nesihat duşuşyklary we maslahatlar geçirilýär

Ahal welaýat polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli welaýatymyzda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşykdyr maslahatlar geçirilýär. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň arasynda geçirilýän bu çäreler netijeli häsiýete eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek bilen bagly edilýän tagallalar dogrusyndaky gürrüňe wagyz-nesihat duşuşyklarynda aýratyn üns çekilýär. Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde geçirilen duşuşygyň has-da gyzykly bolandygyny aýratyn nygtamak bolar. Ýaşlary ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan taryhy ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmaga giňden çekmek, olaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagyny gazanmak bu duşuşygyň esasy maksady boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar berkarar Watanymyzda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredýän, ajaýyp işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.