logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Ahal welaýatynda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök önümleriň ekişi guramaçylykly alnyp barylýar
  01.03.2023
982
Ahal welaýatynda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök önümleriň ekişi guramaçylykly alnyp barylýar

Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmadyr soganyň we beýleki gök önümleriň ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Saçagymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalara goşant goşýan ekerançylarymyz häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýetine oňat düşünýärler. Şonuň bilen baglylykda, olar öňünden birkemsiz taýýarlanan meýdanlarda ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar.

Welaýatyň ekerançy daýhanlaryň uly topary Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzasy bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işgärleri ýeralmadyr soganyň ekişiniň alnyp barylýan ýerlerinde — ekerançylyk meýdanlarynda bolup, daýhanlaryň, şeýle-de mehanizatorlaryň armasyny ýetirip durýarlar. Bu bolsa, oba hojalyk işleriniň netijeliligine we depginine oňyn täsirini ýetirýär.