logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ahal welaýatynda ýerleşýän kärhana önümlerini Russiýa eksport edýär
  30.01.2023
1132
Ahal welaýatynda ýerleşýän kärhana önümlerini Russiýa eksport edýär

«Ýelken» hususy kärhanasy ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda polipropilen haltalaryň we haltalyk matalaryň önümçiligini ýola goýan kärhanadyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada oba hojalyk önümleri we sement daşamak üçin dürli göwrümdäki polipropilen haltalar öndürilýär. Polipropilen haltalaryň ini 35 santimetrden başlap, 90 santimetre çenli ölçegde, uzynlygy müşderileriň sargytlaryna görä öndürilýär.

Kärhanada esasy çig mal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýan ýerli polipropilen ulanylýar. 2018-nji ýylda önümçiligini ýola goýan kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 3500 tonna polipropilen halta öndürmäge barabardyr. «Ýelken» hususy kärhanasynda öndürilýän önümler daşary ýurtlara ugradylýar. Golaýda kärhananyň önümleri Russiýa eksport edildi. Kompaniýa geljekde uly göwrümli haltalaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýärler.