logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Ahal welaýatyndaky 135 müň gektar ýerden gowaça hasyly üstünlikli ýygnalar
  25.10.2025
577
Ahal welaýatyndaky 135 müň gektar ýerden gowaça hasyly üstünlikli ýygnalar

Ahal welaýatynda gowaça hasylynyň ýygnalyşy oba zähmetkeşleriniň her ýyl sabyr bilen garaşýan möhüm möwsümi bolup durýar. Ýylboýy yhlas bilen çekilen zähmetiň netijesinde, şu günler gowaça hasyly “ak altyn” harmanlaryna ýetirilýär. Her bir pagtaçy, mehanizator we awtoulag sürüjisi öz işine çuňňur jogapkärçilik bilen çemeleşýär, birleşen tagallalar bolsa her harmanyň has-da bol-berjegine ýardam edýär.

 

Welaýatdaky hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä şu ýyl 135 müň gektar meýdanda alnyp barylýan pagta ýygnalyşy diňe hasyly ýygnamak bilen çäklenmän, yhlasly zähmetiň, jemgyýetçilik goldawynyň we oba hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasyny görkezýär.

 

Ak altynyň bol hasylyny ýygnamak, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna goşulan uly goşant bolup ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.

 

Häzirki wagtda diňe bir Ahal welaýatynda däl eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem pagta ýygymy üstünlikli alnyp barylýar.

 

Aýnazar RÖWŞENOW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby.