logo

Latest news:
✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy
  20.01.2023
903
Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy

Şu gün Arkadag şäherinde guruljak Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresi boldy. Mukaddes çärä din wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Şeýle hem bu ýere ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, musulman döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bolsa oňa hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynyň baş metjidiniň ýerleşjek ýeri kesgitlenilip, ony gurmak boýunça yglan edilen bäsleşikde «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy. Metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müň adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde guruljak sadaka jaýy bolsa 1 müň 500 adama niýetlenendir.

Arkadag şäherinde bina ediljek baş metjidi minaralaryň 4-si bezär, olarda dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Üç gatdan ybarat bolan metjidiň binasy okuw medresesini, muzeýi, kitaphanany, namaz okamak üçin zallary, dolandyryş we hojalyk otaglaryny öz içine alar. Onuň çäginde awtoulag duralgasy, dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar.

Milli ýörelgelere laýyklykda, metjidiň düýbi tutulandan soňra, myhmanlar Ahal welaýatynyň Gökdepe metjidinde berlen toý sadakasyna gatnaşdylar.

Metjidiň düýbüni tutmak çäresiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylaryň Arkadag şäherinde gurulýan desgalardyr onuň gözel künjekleri bilen tanyşmaklary bolsa Ahal ýaýlasynda kemala gelýän döwrebap şäheriň aýratynlyklaryny ýakyndan synlamaga mümkinçilik berdi.