logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň çägindäki kärizlerde ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirildi
  30.05.2023
561
Ahal welaýatynyň çägindäki kärizlerde ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirildi

Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýan «Bäherdenagyzsuw» müdirliginiň işçi-hünärmenleri kärizleriň ýazky arassalaýyş we abatlaýyş işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Kärizçi ussalar möwsümiň dowamynda etrabyň çägindäki «Çopan», «Garaja», «Döw», «Han», «Hüntüş», «Janabat», «Garasuw», «Köne Börme», «Bamy ata» ýaly kärizlerde ýeňil we düýpli abatlaýyş işlerini geçirenlerinde, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berdiler. Bu işleri degişli meýilnama esasynda alyp baran kärizçiler öň toplan baý tejribelerine daýandylar. Şeýle işler etrabyň ýaşaýjylaryna gadymy suw desgalarynyň — meşhur kärizleriň jana tenekar suwundan bökdençsiz peýdalanmagyna oňyn mümkinçilik berýär.