logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň çäginde dürli bag nahallarynyň 80 müňden gowragy oturdyldy
  20.03.2022
1350
Ahal welaýatynyň çäginde dürli bag nahallarynyň 80 müňden gowragy oturdyldy

Şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerim aldy. Gadymy Ahal ýaýlasynda hem bu çäre uly ruhubelentlik bilen öz beýanyny tapdy.  Welaýatyň çäginde dürli bag nahallarynyň jemi 80 müň 170 düýbi, şol sanda saýaly we pürli bagyň 47 müň 910, miweli bagyň we üzümiň 32 müň 260 düýbi oturdyldy.

Bu baýramçylyk çäresine köp sanly ýaşaýjylar, welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler,  ýaşlar gatnaşdylar.

Ählihalk bag ekmek dabarasyna zähmetkeş halkyň 65 müň 850-si goşulyp,  olar agaç nahallaryny oturtmaga we ekilen baglaryň ideg işlerine gatnaşýar.