logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlik barada makala
  20.02.2021
853
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlik barada makala

    Häzirki Gökdepe etrabynyň ýerindäki Pessejikdepe Jeýtun medeniýetiniň ortaky döwrüniň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Gazuw–agtaryş işleri wagtynda ol ýerden çakmak daşdan ýasalan oraklar, gazawaçlar, burawlar, däne owguçlary, süňkden  bizler, iňňeler, küýze önümleriniň bölekleri, toýundan ýasalan her dürli monjuklar, daşdan we balykgulakdan ýasalan şelpeler tapyldy.

      Pessejikdepäniň ýaşaýyş jaýlarynyň umumy gurluşy, gurluşyk materiallary jeýtunlylaryň ýaşaýyş jaýlaryndan känbir tapawutlanmandyr. Oňa garamazdan, pessejikdepelileriň durmuşynyň köp aýratynlyklary bolupdyr. Ol ýerde bütin taýpanyň ybadathanasy bolan jaý gurlupdyr. Bu uly jaýyň bezegini şekillendiriş sungatynyň ilkinji görnüşi hasaplap bolar. Sebäbi onuň ak diwarlarynyň ýüzünde gara we gyzyl reňkler bilen haýwan şekilleri çekilipdir. Pessejikdepeden tapylan gadymy diwar bezegleri Türkmenistanyň gadymy adamlarynyň sungaty barada bize düşünje berýär.