logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze “Bagtly Zamana” obasy açyldy
  19.09.2025
1450
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze “Bagtly Zamana” obasy açyldy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde sişenbe güni täze gurlan Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu dabaranyň açylyşyna bagyşlap iberen gutlag hatynda täze ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagynyň ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň aýdyň nyşanydygyny belledi. Şeýle hem sebitlerde döwrebap ýaşaýyş we ykdysady infrastrukturanyň döredilýändigi, ylmy-tehniki ösüşleriň hem-de innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň we sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýany hökmünde görkezilýär.

 

Täze obada 400 öý, 640 okuwçylyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi we geňeşligiň edara binasy guruldy. Bu binalar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.

 

Bagtly zamana obasy sebitiň durmuş we medeni ösüşine uly täsir ýetirip, ýurdumyzda guruljak geljekki ýaşaýyş nokatlary üçin nusga hökmünde garalýar.