logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň maldarlary güýz gyrkymyna guramaçylykly girişýärler
  30.08.2022
648
Ahal welaýatynyň maldarlary güýz gyrkymyna guramaçylykly girişýärler

Ahal welaýatynyň maldarlary dowarlaryň güýz gyrkymyna taýýarlykly girişip, möhüm çäräni üstünlikli alyp barýarlar. Has dogrusy, welaýatyň Ak bugdaý etrabynda bu jogapkärli iş has-da guramaçylykly ýerine ýetirilýär. Şu ýyl welaýatyň maldarlary sagdyn owlak-guzulary almakda uly tagallalar etdiler. Maldarlar häzirki möhüm möwsümiň dowamynda dowarlaryň on müňlerçesinde güýz gyrkymyny geçirmegi meýilleşdirýärler.

 

 

Möwsümiň ýokary depgine eýe bolmagy üçin,  onuň öň ýanyndaky taýýarlyk işleri örän guramaçylykly alnyp baryldy. Güýz gyrkymy üçin medeni sebitden hem-de Garagum sährasyndan amatly ýerler saýlanyp alyndy. Şeýle-de zähmet çekýänleriň iş we dynç alyş şertleri göwnejaý üpjün edildi. Bu işde geçen ýyllarda toplanan tejribä berk eýerýän etrabyň maldarlary gyş üçin ýeterlik mukdarda ot-iým ätiýaçlygyny döretmegi hem ünsden düşürmeýärler.