logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň maldarlary möwsüme taýýarlykly geldiler
  12.08.2022
818
Ahal welaýatynyň maldarlary möwsüme taýýarlykly geldiler

Ahal welaýatynyň edermen maldarlary guzulary seçmek we täze sürüleri döretmek ýaly häzirki wajyp möwsümdäki işlere jogapkärli çemeleşip, muňa öňünden ykjam taýýarlyk görüldi. Dörediljek sürüleriň we çopan toparlarynyň sany, mallaryň bakyljak örüleri irki möhletde anyk kesgitlendi, şeýle-de öri meýdanlaryndaky guýularyň suw berijiligi anyklandy. Suw çykaryjy enjamlar deslapdan barlandy we taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Bu çäreler häzirki jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Guzulary seçmek we täze sürüleri döretmek işine tejribeli çopanlardyr hünärmenler çekildi. Bu möwsümi guramaçylykly alyp barmakda Bäherden, Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynyň maldarlary aýratyn tapawutlanýarlar.