logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Ahal welaýatynyň merkezinde Baş metjit gurlar
  16.01.2023
1752
Ahal welaýatynyň merkezinde Baş metjit gurlar

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkezinde Baş metjidiň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna badalga berilmegine ýakyn wagtda girişilmeginiň we ähli halkyň bu ajaýyp waka gatnaşmagynyň, şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine baryp, ol ýeriň maksadalaýyk saýlanyp alnandygyna ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze merkezinde guruljak Baş metjidiň bina ediljek ýeri Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlarydyr teklipleri esasynda hem-de türkmen halkynyň milli ýörelgelerine laýyklykda, 2022-nji ýylyň oktýabrynda kesgitlenipdi. Bu metjidi gurmak boýunça bäsleşik yglan edilip, ýokary talaplar bildirilen şol bäsleşigiň netijeleri boýunça «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen bir hatarda okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de binalaryň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe degerli maslahatlaryny berdi.