logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi
  28.04.2022
1242
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamanyň, komitetiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny, komitetiň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini, komitetiň merkezi edarasynyň işgär sanynyň möçberini we degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.