logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ahal welaýatynyň pileçileri ýokary hilli çig piläniň 300 tonnasyny almagy maksat edinýärler
  18.04.2022
1281
Ahal welaýatynyň pileçileri ýokary hilli çig piläniň 300 tonnasyny almagy maksat edinýärler

Ahal welaýatynyň pileçileri hem ýüpek gurçuklaryny idetmäge ýokary taýýarlyklar bilen girişdiler. Welaýatyň pileçileri möwsümi guramaçylykly alyp baryp, üstümizdäki şanly ýylda ýüpek gurçugynyň 7503 gutusyndan ýokary hilli çig piläniň 300 tonnasyny almagy maksat edinýärler. Pileçileriň arasynda ýaşlaryň hem bolmagy has-da guwandyrýar. Ýaş ýüpekçi kärendeçiler ýüpek gurçuklarynyň degişli talaplara we kadalara laýyklykda idedilmegini gazanýarlar.

Welaýatyň öz işine ökde ýüpekçileri gurçuklara ýaşyna göra tut ýapragyny bermäge, olaryň idedilýän jaýlarynyň howa ýagdaýynyň talabalaýyklygyna aýratyn ähmiýet berýärler. Bu ugurdaky işler welaýatyň Gökdepe, Ak bugdaý, Sarahs, Tejen etraplarynda has göwnejaý ýerine ýetirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, etraplardaky pile kabul ediş we guradyş kärhanalarynda ýokary derejedäki taýýarlyk işleri alnyp barylýar.