logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ahal welaýatynyň ýüpekçileri piläniň ilkinji gezek reňkli görnüşini synag edýärler
  24.05.2022
1040
Ahal welaýatynyň ýüpekçileri piläniň ilkinji gezek reňkli görnüşini synag edýärler

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gelýän piläniň arasynda reňkli görnüşleri hem bar. Şu ýyl etrapda ilkinji gezek piläniň reňkli görnüşi synag edilýär. Munuň üçin daşary ýurtdan 5 guty sary we gyzyl reňkli pilä niýetlenen görnüşleri getirilip ylmy esasda synag edildi. Bellenilen talaplar doly ýerine ýetirilip gymmatly önümiň oňat hasyly kemala getirildi.

Şu ýyl Gökdepe etrabynyň ýüpekçileri umumylykda ýüpek gurçugynyň 1000 gutusyny ylmy esasda idetmek arkaly piläniň 40 tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler.