logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ahally daýhanlar geljek ýyl 400 müň tonna ak bugdaýy almagy maksat edinýärler
  03.09.2022
732
Ahally daýhanlar geljek ýyl 400 müň tonna ak bugdaýy almagy maksat edinýärler

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen Ahally daýhanlar güýzlük däne ekişine girişdiler. Welaýatyň edermen gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 195 müň gektar meýdanda däne ekip, şol ýerden 400 müň tonna guşgursak ak bugdaýy almagy maksat edinýärler.

 

 

Häzirki wagtda welaýat boýunça ekijileriň 412-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Şu ýyl ekin meýdanlarynda bugdaýyň «Miras», «Kalym», «Alekseýç», «Batko», «Bezostaýa — 100», «Ýuka», «Bagrat», «Sähraýy», «Irişka», «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk» ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekiler.