logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Ahally maldarlar dowarlardan 169 müň 900 owlak-guzy aldylar
  12.04.2024
755
Ahally maldarlar dowarlardan 169 müň 900 owlak-guzy aldylar

Ahal welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça meýilnamalaryna ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Şu ýyl dowarlardan owlak-guzynyň 169 müň 900-e, düýelerden köşegiň 3 müň 200-e golaýy alnyp, bu babatdaky meýilnama, degişlilikde, 101,5 hem-de 100,73 göterim ýerine ýetirildi.

 

Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň, welaýatyň daýhan birleşikleriniň we kömekçi hojalyklarynyň edermen sähra merdanalary jogapkärli möwsümi häzirki günlerde hem guramaçylykly dowam etdirýärler. Ahal ýaýlasynyň maldarlarynyň gazanan üstünliginde welaýatyň Ak bugdaý we Tejen etraplarynyň ussatlarynyň saldamly goşandy bar.

 

Ak bugdaý etrabynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzynyň 29 müň 948-sini alyp, meýilnamany 102,6 göterim, düýelerden köşegiň 1 müň 351-sini alyp, borçnamany 101,58 göterim ýerine ýetirmegi başardylar. Tejen etrabynyň maldarlarynyň owlak-guzy almak boýunça görkezijileri has-da guwandyryjy. 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, dowarlardan owlak-guzynyň 31 müň 931-si alnyp, meýilnama 103,4 göterim berjaý edildi. Möwsümiň öň ýanynda bu möhüm iş üçin amatly ýerler saýlanyp alyndy we zerur şertler üpjün edildi. Baharyň ilkinji günlerinde dowarlardan alnan owlak-guzular, düýelerden alnan köşekler giň sähranyň gözelligine gözellik goşdy.

 

Meşhur JORAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.