logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Ahally telekeçi düýeguşlaryň 500-sine ideg edýär!
  23.02.2023
1377
Ahally telekeçi düýeguşlaryň 500-sine ideg edýär!

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän fermada düýeguşlaryň 500-sine ideg edilýär. Bu ferma - Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Maýsa Welmyradowa degişli bolup, 5 gektar meýdany eýeleýär.

Ferma 2,5-3 müň düýeguşy idetmäge niýetlenipdir. Häzirki wagtda fermanyň hünärmenleri Afrika düýeguşlaryna ideg edýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Afrika düýeguşunyň agramy 100 — 160 kilogram aralygyna, boýy bolsa 3 metre çenli ýetip bilýär. Afrika düýeguşlary ýokary ýylylyga çydamly bolup, ýurdumyzyň howa şertlerine gowy uýgunlaşýarlar. Şeýle hem olaryň eti tagamly we peýdaly mikroelementlere hem-de beloklara baýdyr.