logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Ahally ýüpekçiler ýokary hilli çig piläniň 300 tonnadan gowragyny taýýarladylar
  31.05.2023
761
Ahally ýüpekçiler ýokary hilli çig piläniň 300 tonnadan gowragyny taýýarladylar

Şanly Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda Ahal welaýatynyň ýüpekçileri ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar ýokary hilli çig piläniň 300 tonnadan gowragyny taýýarlap, bu babatdaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Ýüpekçi kärendeçiler ýüpek gurçugyny idetmekde zerur bolan ähli çäreleri öz wagtynda, degişli talaplara laýyklykda ýola goýup, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp bardylar hem-de taýýarlanan çig piläni wagtynda kabul ediş we guradyş kärhanalaryna tabşyrdylar. Munuň özi nobatdaky zähmet üstünliginiň gazanylmagyny üpjün etdi. Möwsümde Gökdepe we Ak bugdaý etraplarynyň pile öndürijileriniň aýratyn yhlasly zähmet çekip, ilkinjileriň hatarynda meýilnamalaryna hötde gelendigini bellemek has-da ýakymlydyr.