Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”
  15.04.2022
4971
“Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”

Ahalteke bedewleriniň ata-babalary – şöhratly “nusaý atlary” tutuş dünýäniň atçylygyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň jedelsiz subutnamasy hasaplanýar.

 Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewleriň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ajaýyp bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby deňi-taýy bolmadyk bedewler üçin edebi ýadygärlige öwrülip, asyrlaryň jümmüşinden geçip gelýän ajaýyp bedewlere bolan aýratyn hormatynyň hem-de çäksiz söýgüsiniň çeşmesi bolup durýar. Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüniň nyşany bolup durýar.  Ýola goýulan asylly däbe görä, bu nurana baýram “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Ahal welaýatynyň çäginde hem uly dabara bilen bellenip geçildi. Bäherden etrabynyň Howuzlyja jülgesinde “Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň” diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara ahalteke bedewleriniň baýramyna bagyşlandy. Dabarada Ahal welaýatynyň tanymal sungat ussatlary nurana bedewlerimiziň waspyny ýetirdi. Köpetdagyň eteginde, owadan tebigatynda dikilen ak öýler, tärimler, otlap ýören goýun sürisi, gylýal sürisi türkmen obasyny ýatladyp, dabara milli öwüşgin çaýdy.