logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy
  16.01.2026
426
Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy

Türkmen ahalteke atlary adamzat medeniýetiniň gymmatly miraslarynyň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Özboluşly gözelligi, çydamlylygy we ýokary hereket ukyby bilen tapawutlanýan bu bedewlerimiz asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelipdir. Ahalteke atlary diňe bir atçylyk sungatynyň nusgasy bolman, eýsem milli buýsanjyň hem nyşanydyr.


Bu bedewleriň genofonduny gorap saklamak we ösdürmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanda ahalteke atlarynyň arassa tohumyny saklamak boýunça ylmy-seleksiýa işleri yzygiderli alnyp barylýar, döwrebap atçylyk toplumlary döredilýär we halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Bu çäreler türkmen bedewleriniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.


Ahalteke atlary halkara sergilerinde, sport ýaryşlarynda we medeni çärelerde Türkmenistanyň nyşany hökmünde çykyş edýär. Olar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, geljek nesillere geçirilýän ruhy gymmatlykdyr. Türkmen bedewine goýulýan sarpa halkymyzyň taryhyna, medeniýetine we döwletliligine bolan hormatynyň aýdyň beýanydyr.

Mähriban ALIÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekçiler
uniwersitetiniň talyby.