logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Ahalyň täze edara ediş merkezinde Akhan atly bedewiň 9 metrlik heýkeli oturdyldy
  17.10.2022
1367
Ahalyň täze edara ediş merkezinde Akhan atly bedewiň 9 metrlik heýkeli oturdyldy

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugruna ady rowaýata öwrülen Akhan atly ahalteke bedewiniň heýkeli oturdylýan çatrykda saklandy. Bu ýerde yşyklandyryş ulgamynyň sütünlerini synlady, halkalaýyn ýoluň ugrunda bina edilýän heýkeliň özboluşly aýratynlyklaryny synlap, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli we uzak möhletleýin esasda bolmalydygyna ünsi çekdi.

Akhan atly bedewiň heýkeli oturdylýan binanyň umumy beýikligi 31 metre deňdir. Bu binanyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ýerde oturdylan Akhan atly bedewiň heýkeliniň beýikligi bolsa 9 metr bolup, ol täze şäheriň merkezine tarap bakyp dur. Halk Maslahatynyň Başlygy bu görnüşde çuňňur manynyň bardygyny aýdyp, Akhan atly ajaýyp bedewiň täze merkeze seretmeginiň şäher ilatyna mähir bilen garaýandygyny aňladýandygyny, heýkeliň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.