Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahlak terbiýesiniň ähmiýeti
  23.01.2023
4681
Ahlak terbiýesiniň ähmiýeti

Her bir adamyň özüni alyp barşy, içki pikirleri, töweregindäkiler bilen hem-de jemgyýet bilen baglanyşdyrýan aragatnaşyklary ahlak kadalary arkaly kadalaşdyrylýar. Ahlak terbiýesiniň esasy maksady adamda edep-terbiýäni, päk ahlaklylygy, jemgyýete peýdaly gowy endikleri we asylly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr. Ahlak terbiýesi birek-birege sylagyň, hormatyň, ynanyşmagyň bolmagyny talap edýär. Ýaşlykda öwredilen edep-ekram, berlen terbiýe, ulularyň öwüt-nesihatlary mizemez durmuş kadalaryna öwrülmelidir. Edep-terbiýeli adamyň ahlagy hem göreldedir. Şeýle adamyň il arasyndaky abraýy, jemgyýetdäki orny hem ýokarydyr. Kämil şahsyýeti terbiýelemegiň ilkinji we esasy serişdesi-de onda arassa ahlagy kemala getirmekdir. Ahlak terbiýesi ýaşlaryň jemgyýetdäki eýeleýän orny, saýlan hünäri we olara bildirilýän ynamyň ululygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwrüň talaby-da jemgyýetde kämil bilimli, päk ahlakly, belent adamkärçilikli, giň dünýägaraýyşly nesilleri ýetişdirmekdir. Häzirki zaman jemgyýetinde kabul edilen durmuş kadalaryň bozulan ýagdaýynda ahlak kadalary jogapkärçilik hakynda hem düşünje berýär. Şunuň bilen baglylykda, ahlak terbiýesi dogry alnyp barlanda, özüniň oňyn netijesini berýär. Berilýän okuw ýumuşlaryň bir maksada gönükdirilmegi we yzygiderli berjaý edilmegi, berilýän terbiýäniň hem edep kadalarynyň ýaşlaryň aňyna çuňňur ornaşdyrylmagy we ýaş nesilleriň berlen pentleri durmuşda dogry peýdalanmagyny gazanmak nurana geljege atarýan görkezijidir. Edeplilik, arassa ahlaklylyk şahsyýetiň saýlap alýan kämil ýolundan habar berýär. Ahlak terbiýesinde merdana halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän milli däp-dessurlaryna, milli ýörelgelerine, adatlaryna uly ähmiýet berilýär. Haçanda edep-terbiýe durmuşda, adamyň her bir ädiminde duýulmagy bilen ol päk ahlaga öwrülip, ol halal ýaşamagyň möhüm serişdesi bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda hem milli we ruhy gymmatlyklara sarpa goýýan, halallygy, zähmetsöýerligi hemra edinen, kämil düşünjeli, arassa ahlakly nesilleri ýetişdirmek babatdaky möhüm meselelere esasy orun degişlidir. Aslynda, ahlak adamyň ýüreginde bolmalydyr, edep bolsa onuň aňynda ýaşamalydyr. Diňe şonda, adam halallygy hemra edinip, hakyky baýlyga eýe bolýar. Ýagşy-ýamany tanamak, özüni paýhasly hem asylly alyp barmak, az sözlemek, beýlekilere sylag-hormatly bolmak ýokary ahlaklylygyň baş görkezijisidir.

Päk ahlakly, edebi kämil adam durmuşyň islendik kynçylygyndan hem üstünlikli baş alyp çykýar we öňe gadam urmaga güýç berýär. Çünki arassa ahlak hereketler bilen birleşende, adamyň durmuşy ruhy taýdan has hem baýlaşýar, täze mazmun bilen kämilleşýär. Çünki päk ahlaklylyk halal hem abadan durmuşda ýaşamagyň kämil mekdebidir. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.